Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Azerbaýjana barar

16.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjana barar. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Bakuda geçirilen “Ählumumy howpsuzlyga sebitiň goşandy: Günorta Kawkazda parahatçylygy berkitmek” atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Azertac” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Ilçiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gol çekiljek resminamalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm goşant goşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iýun aýynyň başynda sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow maý aýynda Azerbaýjanyň premýer-ministri Ali Asadow bilen Aşgabat şäherinde duşuşyk geçirdi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistika hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňden ösdürýär. Taraplar yzygiderli saparlary amala aşyrýarlar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýärler.

Çeşme : https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly