Türkmenistan demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär
22.06.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, nebit önümleriniň daşalyşyna bolan islegi üpjün etmek we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek, ulag düzüm üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany demir ýollaryň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak we ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Ozal habar berlişi ýaly, 10-njy iýunda ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen Hytaýyň “CRRC Ziyang Co., Ltd.,” kompaniýasynyň üç bölekli täze ýük teplowozlary ilkinji gezek Türkmenistana getirildi. Täze teplowozlar 6300 tonna çenli ýüki daşamaga ukyplydyr.
Çeşme : https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
