Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi

23.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde duşenbe güni iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Bakuda “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda “Zagulba” köşgünde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen dabara wagtynda Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew tanker barada maglumat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýörite düwmä basyp, tankeri herekete girizdiler. Wideoaragatnaşyk arkaly tankeriň deňze çykarylyşy görkezildi. Wideoşekil tamamlanandan soňra Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tankeriň degişli şahadatnamasyny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Azerbaýjan Prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, “Dostluk” nebit tankeri Baku Gämi gurluşyk zawodynda gurlup, onuň uzynlygy 141 metre, ini 16,9 metre, çöküşi 4,54 metre deňdir. Tankeriň ýük göterijiligi 7 müň 875 tonna barabar.

Çeşme : https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly