GDA ýurtlary "Eurasiacontrol" bitewi aeronawigasiýa utgaşdyryş merkeziniň taslamasyny maslahatlaşdylar

26.06.2026

Türkmenistan hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletler sebitde howa giňişligini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we uçuşlaryň utgaşdyrylyşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen “Eurasiacontrol” bitewi aeronawigasiýa utgaşdyryş merkezini döretmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Döwletara awiasiýa komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Döwletara awiasiýa komitetiniň meýdançasynda geçirilen Aeronawigasiýa boýunça utgaşdyryjy toparyň 27-nji mejlisinde “Eurasiacontrol” taslamasyna aýratyn üns berildi.17-nji iýunda gibrid formatda geçirilen mejlise Türkmenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň awiasiýa edaralarynyň hem-de aeronawigasiýa hyzmatlaryny üpjün edijiler, şeýle hem Russiýanyň we Howa ulaglarynyň Halkara assosiasiýasynyň (IATA) bilermenleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda GDA-nyň bitewi aeronawigasiýa giňişligini döretmek meselelerine garaldy we “Eurasiacontrol” taslamasynyň konsepsiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjy döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri başlangyjyň ähmiýetini belläp, howa giňişligini ulanmakda sebitara hem-de serhetüsti utgaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä, taslamanyň durmuşa geçirilmegi awiakompaniýalar üçin uçuşlary meýilleşdirmegi ýeňilleşdirer, howa giňişligini ulanmagyň utgaşyklylygyny berkider we iň amatly howa ugurlaryny saýlamaga mümkinçilik döreder.

Mejlisiň jemleri boýunça gatnaşyjylar taslama degişli resminamalary goşmaça öwrenmegiň we olary gatnaşyjy döwletlerde ylalaşmagyň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem taslamany durmuşa geçirmek boýunça ýol kartasyny taýýarlamak maksady bilen utgaşdyryjy toparyň çäklerinde bilermenlerden ybarat iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär.

Çeşme : https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly