Türkmen ilçisi "Damen Shipyards" kompaniýasy bilen gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

08.07.2026

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Niderlandlaryň “Damen Shipyards” gämi gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlaryny, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gämi gurluşyk zawodynda bilelikde gämi gurluşygyny alyp barmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşyk gämi gurluşygy pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan “Damen Shipyards” kompaniýasynyň baş edarasynda geçirildi. Saparyň çäklerinde ilçi dürli maksatlara niýetlenen häzirki zaman gämileriň gurulýan önümçilik meýdançasy bilen hem tanyşdy. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Deňiz düýbüni çuňaltmak işleri babatdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek  meselesi gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri boldy. Duşuşykda “Damen Shipyards” kompaniýasynyň bu ugurda uly amaly tejribä eýedigi hem-de bu ugur boýunça Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk taryhynyň bardygy bellenildi.

Sapar Palwanow Türkmenistanyň deňiz infrastrukturasyny ösdürmäge, port kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga we ulag-logistika arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Niderlandlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk alyp barmaklyga halkara tejribäni öwrenmekligiň, döwrebap tehnologiýalary we maýa goýumlaryny çekmegiň möhüm guraly hökmünde garalýar.

Duşuşygyň dowamynda ilçi türkmen tarapynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýän iri niderland kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda işewürlik çärelerini guramagy meýilleşdirýändigini hem aýtdy. Bu çärelere “Damen Shipyards” kompaniýasynyň wekilleri işjeň gatnaşmaklyga çagyryldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar gämi gurluşygy, port düzümini ösdürmek we deňiz tehnologiýalary ulgamlarynda dialogy dowam etdirmäge hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Çeşme: https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly