Türkmen-azerbaýjan topary söwda, energetika we ulag hyzmatdaşlygynyň geljegine garady
09.07.2026
Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisinde söwda, energetika, ulag-logistika we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisine toparyň türkmen böleginiň agzalary hem-de Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Mejlisde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýunynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze mümkinçilikleri açandygyny bellediler. Saparyň dowamynda ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Taraplar ozalky hökümetara mejlisde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň görkezijilerine aýratyn üns berdiler. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygy bellenilip, ykdysadyýet, maýa goýumlar, ösen tehnologiýalar we söwda dolanyşygyny giňeltmek boýunça bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Şeýle hem bilelikdäki işewürler geňeşleri we duşuşyklary yzygiderli geçirmek teklip edildi.
Nebitgaz we elektroenergetika ulgamlary gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri boldy. Taraplar iki ýurduň uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýedigini belläp, bu ýagdaýyň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmaga hem-de iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýändigini bellediler. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygy elektroenergetika hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga esas hökmünde görkezildi.
Mejlisde ulag-logistika, üstaşyr daşamalar, sanly ösüş we telekommunikasiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri hem seljerildi. Taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalaryny ösdürmekde hem-de Hazar sebitiniň logistika mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
Çeşme: https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
