Türkmenistan Seulda Hazar deňzi boýunça ekologik başlangyçlary bilen tanyşdyrdy
14.07.2026
Türkmenistan 30-njy iýun — 3-nji iýul aralygynda Seul şäherinde geçirilen Durnukly umman başlangyjynyň (Sustainable Ocean Initiative) ählumumy dialogynyň bäşinji mejlisinde Hazar deňzini gorap saklamak boýunça ekologik başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Hazar institutyň direktory, Hazar deňzi meseleleri boýunça Türkmenistanyň wekili hem-de Hazar deňziniň suw biologik baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak we umumy gorlary dolandyrmak boýunça hökümetara toparyndaky Türkmenistanyň wekili Myrat Atajanow ýolbaşçylyk etdi.
Forumyň dowamynda türkmen wekiliýeti Hazar deňzini gorap saklamak we onuň durnukly ösüşini üpjün etmek ugrunda ýurtda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny goramakda sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine, suwuň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň wajyplygyna hem-de halkara ekologik borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.
Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyrylan saparynyň çäklerinde Koreýanyň ummanlar we balykçylyk ministriniň orunbasary So Çonho, Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) edara başlygy, strategiýa, durnukly maliýeleşdirme we ählumumy başlangyçlar boýunça direktory Ferruçço Santetti hem-de Koreýanyň Deňiz we umman uniwersitetiniň prezidenti Rýu Don Kyn bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda deňiz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak, deňiz syýasaty we dolandyryşy, deňiz hem-de kenarýaka baýlyklaryndan durnukly peýdalanmak, “mawy ykdysadyýeti” ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň deňiz dolandyryşy, kenarýaka sebitlerini dolandyrmak, deňiz barlaglary we ummanlaryň durnukly ösüşi boýunça ýygnan tejribesi bilen tanyşyldy.
Çeşme: https://business.com.tm
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
