Türkmenistan Gara deňzinde ýük terminalyny döretmek boýunça gepleşikleri geçirýär
17.07.2026
Türkmenistan Gara deňziň gruzin kenarynda öz ýük terminalyny döretmek boýunça gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Tbiliside geçirilen türkmen-gruzin işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi resmi metbugaty habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikler bar. Prezident hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge hem-de harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini belledi. Şeýle hem ol döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiliginiň bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýandygyny hem aýtdy. Onuň bellemegine görä, häzirki forum ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berer hem-de ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda yzygiderli, oýlanyşykly we anyk dialogyň başlangyjy bolar. Şeýle çäreleriň Türkmenistanda hem-de Gruziýada yzygiderli esasda geçiriljekdiginden ugur alynýar.
2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 26 göterim artyp, 100 million ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmen-gruzin işewürlik forumynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze mälim etdi diýip, 1tv.ge habar berýär.
Çeşme: https://business.com.tm
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
