Türkmenistan bilen Gruziýa demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürýär

20.07.2026

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň we “Gruziýanyň demir ýoly” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Tbiliside geçirilen duşuşykda demir ýol ulaglary we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäginde geçirildi. Bu barada Demir ýol ulaglary ministrligi penşenbe güni habar berdi.

Taraplar ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak, Türkmenistan bilen Gruziýanyň çäginde ýük daşamak üçin amatly nyrh şertlerini döretmek hem-de iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşykda ulag-logistika ulgamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşykda “Aziýa — Ýuwaş ummany ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkiýe – Ýewropa” (CASCA+) halkara multimodal geçelgesiniň çalt depginde ösýändigi bellenildi. Şeýle hem türkmen we gruzin demir ýol edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklar we maslahatlar geçirilýändigi, ýük gatnwlaryny giňeltmäge gönükdirilen degişli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy.

Taraplar eksport-import demir ýol gatnawlaryny artdyrmak, logistika geçelgelerini ösdürmek we ýurtlaryň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar duşuşygyň ulag we logistika hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, Aziýadan Ýewropa ugurly ýük dolanyşygyny artdyrmaga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: https://business.com.tm

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly