Türkmen-eýran hökümetara topary ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garady
28.07.2026
Türkmenistanyň DIM-inde duşenbe güni türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirilip, onda söwda-ykdysady hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşykda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüş mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem iki döwleti arasynda we BMG ýaly halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn nygtaldy.
Mundan başga-da iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň ornuny we ähmiýetini mundan beýläk-de güýçlendirmek barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Eýran tarapy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen we Eýran Yslam Respublikasynyň hem awtordaş hökmünde çykyş eden “Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara bähbitli ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.
Çeşme: https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
