Türkmenistan Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy
05.08.2026
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, maslahat beriş duşuşygyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar boýunça federal ministri Şaza Fatima Hawaja, Aziýa Ösüş Bankynyň Pakistandaky wekilhanasynyň direktory Emma Fan, şeýle hem CAREC maksatnamasyna agza dokuz ýurduň döwlet edaralarynyň, aragatnaşyk operatorlarynyň, düzgünleşdiriji edaralaryň, halkara guramalarynyň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň we tehniki bilermenleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri ýurduň sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, sanly özgertmeleri ilerletmäge hem-de sebit döwletleriniň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Türkmen tarapy CAREC giňişliginde döwrebap sanly gurşawy kemala getirmegiň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň, serhetüsti sanly hyzmatlary giňeltmegiň we sebit integrasiýasyny berkitmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri foruma gatnaşyjylary ýurtda telekommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmak, sanly döwlet hyzmatlaryny ösdürmek we häzirki zaman sanly çözgütleri, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar.
Çeşme: https://turkmenportal.com/tm
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
