Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
10.08.2026
Daşary ýurt raýatlaryny bolýan ýerleri boýunça hasaba almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy “Onlaýn hasaba alyş ulgamyny” işläp taýýarlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy penşenbe güni habar berdi.
Ulgam “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy, hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy hem-de hasapdan çykarylmagy bilen bagly kadalaryň döwrebaplaşdyrylmagy esasynda döredildi.
Täze ulgam arkaly Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary hem-de olary kabul edýän fiziki we ýuridik şahslar migrasiýa gullugynyň edaralaryna barmazdan, internet arkaly hasaba durup bilerler.
Habarda bellenilişi ýaly, “Onlaýn hasaba alyş ulgamy” wagty tygşytlamaga, resminamalary elektron görnüşde dolandyrmaga we işleri gysga wagtda amala aşyrmaga giň mümkinçilik berer. Ulgamyň işe girizilmegi migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de hyzmatlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyna ýardam eder.
Çeşme: https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
