“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
11.08.2026
Hazar deňziniň türkmen bölegindäki “Magtymguly” gaz käniniň A8 belgili ulanyş guýusyndan bir gije-gündizde 1 million 300 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz akymy we 130 tonna golaý gaz kondensaty alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
A8 belgili ulanyş guýusy “Toplum-1” şertnamalaýyn çäginde 4 müň 981 metr çuňlukda burawlandy. Häzirki wagtda guýyny başlangyç tapgyrda özleşdirmek işleri dowam edýär we geljekde alynýan önümiň möçberiniň artmagyna garaşylýar.
Bu işler Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňky 30 ýylda Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolagynda 5 sany döwrebap platforma gurlup, 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlandy. Bilelikdäki işleriň netijesinde Hazar deňzinden 44 milliard kub metrden gowrak gaz we 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy.
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek, şeýle hem 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Çeşme: https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
