Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda IT ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

25.08.2026

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow 2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Päkistanyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda esasan maglumat tehnologiýalary ulgamynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek we dürli ugurlarda täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem myhmanlara Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky döwlet syýasaty barada maglumat berildi. Bu syýasatyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti, döwlet dolandyryşyny we durmuş ulgamyny doly sanlaşdyrmaga gönükdirilýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler barada gürrüň edildi. Şeýle hem taraplar sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine, şeýle-de 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynda ilkinji gezek geçiriljek Ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna hem aýratyn üns çekdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara arenada birek-biregiň başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Çeşme: https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly