Hytaýyň wekiliýeti Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi
26.08.2026
24-nji awgustda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi. Myhmanlaryň saparynyň maksady Türkmenistan bilen HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalygy, söwda-ykdysady we ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Hytaý wekiliýetiniň agzalary, ilki bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördüler. Olara tehnopark barada maglumat berlip, onuň düzümi hem-de bölümlerinde ornaşdyrylan innowasion häsiýetli tehnologik gurluşlar tanyşdyryldy. Bu ýerde halkara ylmy hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň ylmyň gazananlaryny sebitleýin we ählumumy derejede tehnologik ösüşleri üpjün etmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna gönükdirmäge degişli wezipeleri berjaý edýändigi aýratyn nygtaldy.
Hytaýly wekiliýetiň agzalarynyň Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy hem özboluşly ähmiýete eýe boldy.
Günüň ikinji ýarymynda myhmanlaryň ýurduň oba hojalyk ulgamynyň, şol sanda Türkmenistanyň Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de oba hojalyk toplumynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hytaýyň işewür düzümleriniň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda oba hojalyk, syýahatçylyk, söwda, marketing we ulag hyzmatlary, dürli pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek babatda oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek. Şunda wekiliýetleri alyşmak, iş saparlaryny, işewürlik maslahatlaryny we pudaklaýyn sergileri geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem hytaýly wekiliýetiň agzalarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de pudagyň birnäçe degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşygy geçirildi.
Çykyşlarda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, oba hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda, tehnika we tehnologik taýdan üpjünçilik babatda ýola goýlan gatnaşyklary has-da giňeltmek, ulag we logistika hyzmatlarynyň kömegi bilen işewürlik gatnaşyklaryny hem-de beýleki ugurlary ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy E.Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana sapary dowam edýär.
Çeşme: https://turkmenportal.com/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
