Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada emeli aň howpsuzlygy boýunça mejlisine gatnaşmagyna garaşylýar

27.08.2026

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek “Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk” mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine gatnaşmagyna hormat bilen garaşýandygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň netijeleriniň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly itergi berendigine üns çekildi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç möhüm sammitini, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň tekliplerini goldandygy hem-de bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklady.

Şeýle hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama goşulandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bile Gazagystanyň iki ýurduň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça uly işleri alyp barýandygyny aýdyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyrjak saparyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Çeşme: https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly