Türkmenistan Samarkantda "C5+1" formatda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşar

20.10.2026

Türkmenistan 19-njy oktýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministrleriniň “C5+1” formatyndaky nobatdaky duşuşygyna gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda nobatdaky duşuşyga taýýarlyk işleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň, daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Bu duşuşyk bilen bir hatarda, hökümet agzalarynyň we işewürleriň gatnaşmagynda birnäçe ugurlar, hususan-da, sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar, energiýa we ulag infrastrukturalary, oba hojalyk we dokma toplumy, maliýe we maýa goýum ýaly ugurlar boýunça işewürler sessiýalary geçiriler.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek hem meýilleşdirilýär. Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we 3-nji noýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-Amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyň sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wise-premýer we Daşary işler ministrine sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşyga gowy taýýarlyk görmegi we işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly