Türkmenistan Hytaýa 477 milliard kub metrden gowrak gaz iberdi

22.10.2026

Türkmenistan, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna görä, 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 477 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly halkara maslahatynyň plenar mejlisinde aýtdy.

Maksat Babaýewiň aýtmagyna görä, Hytaý türkmen tebigy gazynyň iň iri import edijisi bolup, uzak möhletleýin ylalaşyklar, degişli infrastruktura we öz üstüne alnan borçnamalaryň wagtynda ýerine ýetirilmegi taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Şeýle hem ol “Türkmengaz” döwlet konserniniň hytaýly hyzmatdaşlar bilen köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we ony mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini belledi.

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry boýunça hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Tapgyrdaky işlere 17-nji aprelde dabaraly ýagdaýda badalga berlip, bu taslama ulanyş guýularyny burawlamagy we ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmagy göz öňünde tutýar. Taslamanyň işleri tamamlanandan soň, 1 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.

“Galkynyş” dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolup, Beýik Britaniýanyň “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň bahalandyrmagyna görä, “Galkynyş”, “Garaköl” we “Ýaşlar” gaz ýataklarynyň bilelikdäki gaz gorlary 27,4 trillion kub metre barabardyr. “Galkynyş” gaz känininiň 2013-nji ýylda ulanmaga berlen birinji tapgyrynyň taslama kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr gaza deňdir.

Çeşme: https://business.com.tm/

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7

+99312 28 60 30

info@tulm.tm

www.tulm.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly