“OGT 2026”-da nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi
23.10.2026
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly halkara maslahaty we sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we önümçilik zerurlyklary üçin enjamlary satyn almaga degişli resminamalar toplumyna gol çekildi. Bu barada çärä gatnaşýan “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň habarçysy habar berýär.
Maslahatyň çäginde gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli deňiz nebit korporasiýasynyň (CNOOC) arasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki toplumlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.
Şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanda nebitgaz hyzmatlary we enjamlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama baglaşyldy.
Dürli görnüşli we ölçegli turbalary satyn almak boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Özbegistanyň “Galperin adyndaky Daşkent zawody” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň bilelikdäki kärhanasynyň arasynda , şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Hytaýyň “TENERGY TIANJIN CO., LTD” kompaniýasynyň arasynda şertnamalara gol çekildi.
Mundan başga-da, “Türkmennebit”” döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň “KSP Steeľ” jogapkärçiligi çäkli şereketi arasynda sepsiz oturtma turbalary satyn almak barada Șertnama baglaşyldy.
Çeşme: https://business.com.tm/
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7
+99312 28 60 30
info@tulm.tm
www.tulm.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
