Türkmenistan bilen Hindistan energetika we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistan bilen Hindistan energetika, senagat, ulag we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Aşgabat şäherinde Hindistanyň Respublika güni mynasybetli geçirilen dabarada mälim etdi diýip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.
N.Atagulyýew bu pudaklaryň iki ýurt üçin hem möhüm strategik ugurlardygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň we Hindistanyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi hem-de Merkezi Aziýany beýleki sebitler, şol sanda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa bilen özara baglanyşdyrýan başlangyçlara işjeň gatnaşýandyklaryny nygtady.
Wise-premýeriň bellemegine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklar diňe bir ykdysady ulgamda däl, eýsem, bilim we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda hem ösdürilýär.
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumila Hazarika Bhagat öz nobatynda derman senagaty, maglumat tehnologiýalary we emeli aň ýaly ulgamlarda bilelikde işlemek üçin täze mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde ýola goýuldy.
29 Ýanwar, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly